Sepleriň elýeterliligi

Partlamalar Bagdady sarsdyrdy


Bagdadyň polisiýasy we medisina işgärleri Yragyň paýtagtynda bolan birnäçe bomba partlamalarynda azyndan 40 adamyň wepat bolandygyny we ýene onlarça adamyň ýaralanandygyny habar berdiler.

“Frans press agentliginiň”maglumatyna görä, çarşenbe güni irden azyndan 11 sany partlama bolupdyr, olaryň köpüsi Bagdadyň şaýylaryň ýaşaýan böleklerine zarba urupdyr. Olaryň arasynda Bagdadyň Kazimiýah, Sadr, Şaab, Şula, Jamila we Mahmudiýah ýaly bölekleri agzalýar.

Iň güýçli partlamalaryň Bagdadyň demirgazygynda ýerleşýän Kazimiýa, diýen ýerde bolandygy aýdylýar. Häkimiýetler bu ýerde azyndan bäş adamyň heläk bolandygyny we 30-dan gowrak adamyň ýaralanandygyny habar berdiler.

Yrakda dowam edýän zorluklar zerarly soňky aýlarda 3 000-den gowrak adam wepat bolupdyr. Heläkçilikli wakalaryň köpüsi Yrakda köplük edýän sünnileriň we azlygy emele getirýän şaýylaryň arasyndaky dartgynlylyk bilen baglanyşdyrylýar.
XS
SM
MD
LG