Sepleriň elýeterliligi

Kunduz: Etrap häkimi öldürildi


Owganystanyň demirgazygynda ýerleşýän Kunduz welaýatynyň resmileri bomba hüjüminde etrap häkiminiň wepat bolandygyny habar berdiler. Daşi Arçi etrabynyň häkimi Saýed Sadruddin bombaçylaryň anna güni metjitde partladan bombasyndan heläk bolupdyr.

Ýerli polisiýanyň müdiriniň metbugat wekiliniň Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, hüjümde ýene alty adam heläk bolupdyr we 12 adam ýaralanypdyr.

Habar berilişine görä, bomba partlamasy tire ýaşulysynyň jaýlanýan wagtynda bolupdyr.

Bu hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne alan bolmady. Döwlet resmilerine köplenç “Talybanyň” söweşijileri hüjüm edýärler.
XS
SM
MD
LG