Sepleriň elýeterliligi

Talyplar we okuw formasy


Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky döwlet uniwersitetiniň talyplary.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky döwlet uniwersitetiniň talyplary.

Türkmenistanda täze okuw ýyly başlandy. Her ýyl bolşy ýaly bu ýyl hem talyplar, okuwlary boýunça talaplar bilen bir hatarda, okuw formasy, has umumylaşdyrylyp aýdylanda, okuwyň tertip-düzgüni diýilip atlandyrylýan goşmaça talaplary hem ödemeli bolarlar.

Okuw formasy baradaky talap, oglan talyplar üçin bir renkdäki kostýum-balak we tahya bilen çäklense, talyp gyzlar üçin bolsa, okuwa uzyn, ýakasy keşdeli bir renkli köýnek we tahýa geýip gelmek ýaly bir giden şertleri öz içine alýar. Şeýle-de, talyp gyzlaryň geýýän köýnekleriniň matasy hem degişli ýokary okuw jaýyndan satyn alynan bolmaly.

Ondan başga-da bu talaplaryň arasynda talyp gyzlaryň uzyn hem iki örümli saçlarynyň bolmalydygy, hem-de okuwa makiýaž ulanman gelmelidikleri ýaly düzgünler bar. Talyplaryň okuwa hususy maşynlarynda gelmegi hem gadagan.

Talyplar, siz bu talaplara nähili garaýarsyňyz? Onuň oňyn hem oňaysyz taraplary nämelerden ybarat? Pikirleriňize garaşýarys.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG