Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Jon Kerri Ýewropadan haraý isleýär


ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri
ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri
Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerri Obama adminstrasiýasynyň Siriýanyň hökümetini nyşana alýan harby çäre planlary barada maslahatlaşmak üçin Ýewropa geldi.

Birleşen Ştatlar Damaskyň himiki ýaraglary ulanandygy barada aýdylýanlara «ynamynyň ýokarydygyny» aýdýar we Başar al-Assadyň režimine munuň üçin çäre görülmelidigini öňe sürýär.

Kerri anna güni giçlik Litwanyň paýtagty Wilnýusa geldi we onuň şenbe güni Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler ministrleri bilen gepleşik geçirmegine garşylýar.

Şeýle-de onuň ýekşenbe güni Parižde arap we ýewropa diplomatlary bilen has köp gepleşik geçirmegine garaşylýar.

Kerriniň bu sapary amerikan kanun çykaryjylarynyň, ýönekeý amerikanlaryň we halkara jemgyýetçiliginiň agzalarynyň Birleşen Ştatlaryň Siriýa režimine hüjüm etmeginiň paýhasly bir hereketdigine ynamsyzlygy bilen bagly.

Prezident Barak Obama Kongresden potensial zarbalara ygtyýar berýän çäräni sese goýmagy haýyş etdi. Senat we Wekiller öýi duşenbe gününden başlap bu çärä formal taýdan seredip başlamaly. Obamanyň bolsa sişenbe güni Ak tamda harby operasiýanyň zerurlygy barada söz sözlemegine garaşylýar.

Harby zarba ýerliklimi?

Harby zarbanyň ýerliklidigine şübhe bildirýän kanun çykaryjylar Birleşen Ştatlaryň uzak möhletli konflikte çekilmeginden, şeýle-de bu hili operasiýanyň oppozisiýa tarapynda söweşýän yslamçy ekstremistleri kuwwatlandyrmak ähtimallygyndan alada edýändiklerini aýtdylar.

Prezident Başar al-Assadyň hökümeti 21-nji awgustda Damaskyň gündogaryna edilen hüjümi özüniň amala aşyrandygyny ret etdi we bu işde pitneçi güýçleri günäledi.

Birleşen Ştatlaryň adminstarsiýasy bu hüjümde zarin gazynyň ulanylandygyny we 1400-den gowrak adamyň öldürilendigini aýdýar.

Kerri harby operasiýanyň tarapynda çykyş edýän iň görnükli resmileriň biri bolup durýar.

Anna güni çap edilen makalada Kerri Birleşen Ştatlaryň islendik operasiýasy hökümetiň ýene bir himiki ýarag hüjümini amala aşyrmagynyň öňüni almaga gönükdiriler diýdi.

Kerri bu meselede hereketsiz oturmagyň herket edeniňden has gymmat düşmeginiň ahmaldygyny, sebäbi dünýä jemgyýetçiliginiň himiki ýaraglaryň ulanylmagyna çydamajagy barada yşarat etmelidigini öňe sürdi.

"Berk jogap berilmeli"

On ýurt, şol sanda uly 20-lige girýän dokuz ýurt anna güni ýaýradylan beýanatda Birleşen Ştatlaryň «berk halkara jogaby» baradaky çagyryşyna goşulýandyklaryny aýtdylar.

Sankt Peterburgda, Uly 20-ligiň sammitinde çap edilen beýanatda subutnama bu işe «açyk Siriýa hökümetiniň jogapkärdigini görkezýär» diýilýär. Emma muňa garamazdan, bu beýanat harby güýjüň ulanylmagyny anyk goldamaýar.

Bu dokumente gol çeken ýurtlaryň arasynda Awstraliýa, Britaniýa, Kanada, Fransiýa, Italiýa, Günorta Koreýa, Saud Arabystany we Türkiýe bar.

Orsýet bolsa, Amerikanyň Siriýanyň hökümetine garşy islendik harby hereketine garşy durýar. Şeýlelikde, Uly 20-ligiň sammiti Moskwa bilen Waşingtonyň bir-birine düýpden çapraz gelýän pozisiýalaryny ýakynlaşdyrmakda hiç bir netije bermedi.

Orsýet harby herekete garşy

Prezident Wladimr Putin anna güni özüniň öňki pikirlerini gaýtalady, ýagny Birleşen Ştatlaryň harby çäresiniň ters netije berjegini aýtdy. Şeýle-de Putin güýç ulanylmagy üçin BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň ygtyýarnamasyny almagyň zerurdygyny aýtdy.

Mundanam başga, Putin Orsýetiň Siriýanyň hökümeti bilen hyzmatdaşlygyny, Moskwanyň Damaska ýarag we ynsanperwer kömegini bermegini dowam etdirmegine garaşýandygyny sözüne goşdy.

Obama adminstrasiýasynyň resmileri Birleşen Ştatlaryň Siriýa režimine garşy özbaşdak hereket etmeginiň ahmaldygyny, sebäbi Orsýetiň Howpsuzlyk geňeşinde halkara gaýtawulynyň öňüni bekleýändigini aýtdylar.
XS
SM
MD
LG