Sepleriň elýeterliligi

Pop parahatçylyk dilegini edýär


Pop Fransis Siriýada parahatçylygy ilerletmek üçin dileg edýär.

Onlarça müň adam, hristian we hristian däl jemgyýetleriň dini liderleri, syýasatçylar we ýönekeý adamlar merhemetli Piter skwerine ýygnanyp, popuň şenbe güni agşam başlan dört sagatlyk dileg-dogasyna goşuldylar.

Dünýäniň çar künjegindäki ybadathanalarda, metjitlerde kiçiräk ýygnanyşyklar boldy.

Şu hepdäniň başynda pop uly 20-ligiň liderlerine ýüzlenip, olary Siriýadaky raýat urşuny duruzmak üçin bilelikde işleşmäge çagyrdy.

Pop Orsýetiň prezidenti Wladimir Putine ýazan hatynda bu urşuň harby çözgüdiniň ýokdugyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG