Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet: Dört adama ýyl kesildi


Orsýetiň öňki dört esgeri 2010-njy ýyldaky uçar heläkçiliginde ölen polşaly resmileriň kredit kartalaryny ogurlamakda tussag edildi.

Orsýetiň Smolensk regionyndaky harby sudy olaryň birini iki ýyl, beýleki üçüsini bolsa şertli 20 aý bilen iki ýyl aralygyndaky türme tussaglygyna höküm etdi.

Şol adamlar uçar heläkçiliginde pida bolanlaryň kredit kartalaryny ogurlandyklaryny boýun aldylar.

Öz bank hasabyňdan pul çykarmak üçin ulanylýan ATM maşynkalarynyň kameralary, gürrüňi edilýän şol adamlaryň ogurlandygy aýdylýan kredit kartlary arkaly 2 müň amerikan dollaryndan gowrak pul alýandyklaryny ýazga alypdyr.

Gürrüňi edilýän bu öňki esgerler 2010-njy ýylda bolan şol uçar heläkçiliginiň daşyny gurşap almak üçin wezipelendirilen esgerleriň arasyndady.

Şol uçar heläkçiliginde Polşanyň prezidenti Leh Kaçinskiý we başga-da 95 adam heläk bolupdy.
XS
SM
MD
LG