Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Makedoniýada söwda dawasy çözüldi


Makedoniýa Kosowadan bugdaýyň we unuň import edilmegine girizen gadaganlygyny ýatyrdy.

Pristina hem muňa jogap hökmünde şenbeden ýekşenbä geçilýän gije Makedoniýadan edilýän importa girizen gadaganlyklaryny ýatyrdy.

Ýekşenbe güni irden maşynlaryň we adamlaryň serhetden erkin geçýändigi göründi.

Makedoniýaly resmiler Kosowadan gelýän ulaglara we ýolagçylara töledilýän tölegiň hem ýatyrylandygyny aýtdylar.

Iki balkan goňşusynyň arasyndaky söwda dawasy iýulda, Makedoniýa Kosowadan bugdaý we un import edilmegine çäklendirme girizende başlandy.

Pristina muňa Makedoniýanyň azyk importlaryna gadaganlyk girizmek bilen jogap berdi.

Makedoniýa bolsa, Kosowadan öz territriýasyna girýän her kosowaly 2 ýewro, her maşyn 5 ýewro tölemeli diýen düzgüni girizdi.

Bu ýagdaý Pristinanyň 9-njy sentýabrda Makedoniýanyň ähli önümine gadaganlyk girizmegine getirdi.
XS
SM
MD
LG