Sepleriň elýeterliligi

Yrakda 35 adam öldürildi


Yrak häkimiýetleri ýekşenbe güni partladylan ulag bombalarynyň azyndan 35 adamy öldürendigini aýdýarlar.

Bombalar esasan merkezi we günorta Yrakda, şaýylaryň ýaşaýan ýerlerini nyşana alypdyr.

Hilla şäherinde partladylan goşa ulag 15 adamy öldürdi. Bagdadyň welaýat geňeşiniň başlygy Riyad al-Adhad ýekşenbe güni janyna kast edilmek synanyşygyndan aman gutuldy.

Emma onuň ulag konwoýyna gelip uran maşyn-bomba azyndan üç adamy öldürip, dört adamy ýaralady.

Karbalada bir ýerde goýlup gidilen maşyndaky bomba partlanda dört adam ölüp, 25 adam ýaralandy.

Kutda azyk dükançalarynyň ýanyna toplanan gurluşykçy işgärleriň gapdalynda partladylan ulag 2 adamy öldürip, 14 adamy ýaralady.

Ýekşenbe güni Bagdatda, Iskandariýada, Basrada we Nasriýada öldürilen adamlaryň jemi sany 11 boldy.
XS
SM
MD
LG