Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obama Tähranyň islegini "synamakçy"


Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama Eýranyň täze prezidenti Hassan Rohaniniň “Günbatar bilen gepleşikleri geçirmäge taýýardygyny” we onuň bu islegini iş ýüzünde “synap” görjekdigini mälim etdi.

Obama bu barada sişenbe güni ispan dilindäki "Telemundo" telewideniýesine beren interwýusynda belläp geçdi.

Şeýle-de, ol “Bu diplomatiýa üçin bir mümkinçilik. Eýranlylar bu mümkinçilikden peýdalanarlar diýip umyt edýärin” diýdi.

Obama bu barada özüniň Rohani bilen hat alyşandygyny mälim edenden birnäçe gün soň belläp geçdi.

Obamanyň bu çykyşy, halkara metbugatynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş assambleýasynyň dowamynda Obama bilen Rohaniniň duşuşyk geçirmeginiň ähtimaldygy barada maglumatlaryň peýda bolmagyna sebäp boldy.

BMG-niň Baş assambleýasy şu aýyň ahyrynda Nýu-Ýorkda geçiriler.

Duşenbe güni Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif "Tähran özüniň jedelli ýadro programmasy meselesinde Birleşen Ştatlar bilen ynamlary berkitmäge taýýar" diýipdi.
XS
SM
MD
LG