Sepleriň elýeterliligi

Bagdatda 15 adam wepat boldy


Yragyň paýtagty Bagdatda bolan iki sany bomba partlamasy pata ýygnan sünni musulmanlara zarba urdy. Bu soňky üç günüň dowamynda ýurtda amala aşyrylan üçünji partlama boldy.

Yrak resmileriniň aýtmagyna görä, duşenbe güni Bagdadyň Adhamiýah regionynda bolan bu partlamada 15 adam wepat bolupdyr we 30 çemesi adam ýaralanypdyr.

22-nji sentýabrda janyndan geçen hüjümçiniň sünnilere garşy amala aşyran bomba partlamasyndan 12 adam heläk bolupdy. Mundan bir gün öň şaýylaryň patasynda amala aşyrylan iki sany bomba partlamasynda 73 adam wepat bolupdy.

Mundan başga-da 20-nji sentýabrda sünni musulmanlaryň Samarra şäherindäki metjidiniň golaýynda bolan bomba partlamasy 18 adamyň ölümine sebäp bolupdy.

Bomba partlamalarynyň köpelmegi ýurtda köpçülikdäki şaýylaryň we azlykdaky sünnileriň arasyndaky konflikti hasam tutaşdyrdy.

BMG 22-nji sentýabrda ýaýradan beýannamasynda yraklylary bir-birinden ar almakdan saklanmaga çagyrdy.
XS
SM
MD
LG