Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistan: Bäş amerikaly ýitdi


Täjigistanyň günortasyndaky Badahşan welaýatynda bäş amerikan raýaty ýitirim boldy. Täjigistanyň bu welaýaty Owganystan bilen araçäkleşýär.

Penşenbe güni Birleşen Ştatlaryň Duşenbedäki ilçihanasynyň metbugat wekiliniň beren maglumatyna görä, ýitirim bolan amerikalylar Täjigistanda kaýaking, ýagny gaýykda ýüzmek suw sporty bilen meşgullanmaga barypdyrlar.

Ýitirim bolan amerikalylaryň şahsyýetleri we olaryň näme üçin ýitendigi barada goşmaça maglumatlar çap edilmedi.

Çarşenbe güni Täjigistanyň habar serişdeleriniň beren maglumatynda Birleşen Ştatlaryň Kolorado regionyndan gelen amerikalylar Pamir daglaryndaky milli parkda ýitirim bolupdyrlar.

Şol maglumatlarda ýitirim bolanlaryň dogan-garyndaşlary “Facebook” sosial ulgamy arkaly ýaýradan beýanatynda “Ben Lak, Mat Klema we Neýt Klema bilen telefon aragatnaşygy kesilmezden ozal, olar kömek sorap telefon arkaly hat ugratdylar” diýilýar.

Täjigistanyň milli parkynyň başlygy Şodi Solehjonow Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda halas ediş toparlary ýitirm bolan amerikalylary gözleýär diýdi.
XS
SM
MD
LG