Sepleriň elýeterliligi

Ýewropa e-çilimde ikä bölündi


Elektriniki çilimi çekýän ýaş adam

Elektriniki çilimi çekýän ýaş adam

Elektroniki çilimleri temmäki önümleriniň hatarynda dolanyşyga girizmelimi? Ýa-da olar medisina önümi bolup, diňe dermanhanalarda satylmalymy?

Ynha, 8-nji oktýabrda Strasburg şäherinde geçirilen Ýewropa parlamentindäki ses berişlikden soň tutuş Ýewropada gyzgalaňly çekeleşilýän jedelli mesele – elektroniki çilimlerdir.

Kanun taslamasy ýaşlaryň arasynda temmäki ulanmaklygyň öňüni almagy maksat edinýär. Ýagdaý şeýle bolansoň Ýewropa kanunçykaryjylary elektroniki çilimleriň bazardaky dolanyşygyny ýola goýýan kanun taslamasyny tassykladylar.

Gürrüňi edilýän kanun taslamasy Ýewropa Bileleşiginiň 28 döwletiniň liderlerini öz içine alýan Ýewropa mejlisinde kabul edilmeli.

Medisina önümi

Mejlis iýun aýynda elektroniki çilimleriň medisina önümi hökmünde dolanyşykda galmagyny we diňe dermanhanalarda satylmagyny teklip edipdi. Şeýle bolanda-da bu önüm çilimkeşleriň çilimi taşlamagyna ýakyndan ýardam berer diýildi.

Ýöne soňky wagtlarda güýçli ösüş depginine eýe bolan elektroniki çilim öndürijileriň basyşyndan soň Ýewropa parlamenti Mejlisiň teklibini alga almady. Elektroniki çilim senagatynda dünýäniň güýçli temmäki öndüriji kompaniýalary has işjeň rol oýnaýarlar.

Mejlisiň teklibine derek Strasburgdaky kanun çykaryjylar elektroniki çilimleriň hem edil beýleki temmäki önümleri ýaly bazarda satylmagy üçin ses berdiler.

Diýmek, Ýewropa Bileleşigine girýän ýurtlarda elektroniki çilimleriň 18 ýaşdan aşakdaky çagalara satylmagy gadagan bolar. Elektroniki görnüşdäki çilimleriň ýüzünde “saglyga zyýanly” diýen nyşan hem goýulmaly bolar. Muňa garamazdan, tüssesiz bugarýan önümler we olaryň nikotin kartežleri temmäki dükanlarynda ýa-da ýörite dükanlarda satylyp bilner.

“Elektroniki çilim”

Parlamentdäki ses berişlik Brýusselde “elektroniki çilim” dawasyny tutaşdyrdy. Mejlis elektroniki çilimleriň temmäki ýaly satylmagy bilen ylalaşmalymy ýa-da Mejlis olaryň medisina önümi hökmünde dolanyşyga girizilmegi üçin aýak diremelimi?

Britaniýanyň zähmet partiýasynyň agzasy, şol bir wagtyň özünde Ýewropa parlamentiniň agzasy Linda Mak Awan Ýewropa mejlisi bilen ylalaşyk meseleleri boýunça Ýewropa parlamentiniň dokladçysy hökmünde iş alyp barýar.

Mak Awanyň pikirine görä Ýewropa parlamentiniň agzalary e-çilimleriň bazarda temmäki ýaly satylmagy bilen ylalaşýar. Ýöne esasy düşünişmezlik olaryň dolanyşykda nähili saklanmagy barada. Mak Awanyň aýtmagyna görä, elektroniki çilimleriň diňe medisina önümi hökmünde satylmagy üçin aýak direýän Ýewropa Bileleşiginiň düzümindäki hökümetleriň ylalaşyga barmaklaryna örän saldamly esaslar bar.

Mak Awanyň bu barada şeýle diýýär: “Parlamentiň agzalýan önümiň medisina önümi bolup bilmejekdigi babatda öz pozisiýasynyň bardygy görnetin ýagdaý. Şol bir wagtyň özünde bu ýerde kadalaşdyryjy çarçuwanyň bolmagyny talap edýän käbir ortalyk elementler hem bar. Meniň pikirimçe, şol sebäpden biz hökman gepleşiklere başlamaly. Meniň parlamentdäki kärdeşlerimiň nämäni kabul etjekdigini we Ýewropa mejlisiniň düzümindäki hökümetleriň nämäni kabul etjekdigini öňünden çaklamak gaty kyn. Ýöne biz ýakyn wagtda şol ylalaşyklary gazanarys.”

“Bugardýarlar”

Geçirilen barlaglara görä, elektroniki çilim çekmäge başlanlaryň takmynan 85 göterimi temmäkini taşlamak üçin başlaýarlar. Agzalýan önüm içindäki nikotinli kartrižlerden çykýan suwuklygy bugardýar, şeýlelikde ony ulanýanlar wagtyň geçmegi bilen nikotini taşlaýarlar.

Elektroniki çilim ulanýanlaryň pikirine görä, olar çilim çekenoklar-da, diňe ony “bugardýarlar”.

“Belki-de, bu, dogrudanam, has az zyýanlydyr, sebäbi munda temmäkidäki ýaly beýleki goşmaça maddalar ýok. Şeýle-de bu arzan bahadan satylýar. Muny çekmek – çilim çekmek däl. Bu düýbünden başga zat we muňa öwrenişmek azrak wagt talap edýär. Men temmäkini doly taşladym. 18 aýdan bäri men çilim çekemok. Men 15 ýaşymdakam çilim çekip başlapdym, diýmek, men 40 ýyldan bäri çilim çekýärin.”

Ýewropa ”Dem alyş” jemgyýetiniň ozalky başlygy we Milan uniwersitetiniň dem alyş ýollary boýunça professory Françesko Blasi Azatlyk Radiosyna beren gürrüňinde elektroniki çilimleriň ömrüniň entek ýaşdygyny we onuň saglyga uzagyndan zyýan bermejegine kepil geçip bolmajagyny aýtdy.

“Biziň elimizde elektroniki çilimleriň saglyk üçin howp bolup bilmejegine güwä geçýän ýeterlik maglumat ýok. Bizde diňe e-çilimleriň temmäkini taşlamakda ýardam edýändigi barada gysga möhletleýin maglumatlar bar. Meniň pikirimçe, Ýewropa Saglyk agentliginiň gözegçiligi bolmazdan, muny dowam etmek birhiliräk.”

Elektroniki çilimler barada iň soňky geçirlen barlaglar sentýabr aýynda Britaniýanyň “The Lancet” atly žurnalynda neşir edildi. Bu barlagyň netijelerine görä, çilimi taşlajak bolup elektroniki çilime geçýänler aslynda şol bir möçberde nikotin ýuwutmagy dowam edýärler.
XS
SM
MD
LG