Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mämmedow: "Prezident, Türkmenbaşyda agyz suwy yok"


Adam hukuklary boýunça aktiwist Wýaçeslaw Mamedow
Adam hukuklary boýunça aktiwist Wýaçeslaw Mamedow
Ozalky Krasnowodsk, häzirki ady Türkmenbaşy, şäherinde 15 mekdepden 14-si howanyň sowuk döwründe ýyladylanok, keselhanalarda hassalar agyz suwuny we elektrik pejini öz ýany bilen getirmeli.

Bu barada Türkmenistanyň daşynda hereket edýän “Türkmenistanyň demokratik graždan bileleşigi” atly jemgyýetçilik topary habar berýär. Gurama bu ýagdaýy “adatdan daşary” diýip atlandyrdy we prezident Berdimuhamedowa açyk hat arkaly ýüzlenip, bu meseläni derhal çözmäge çagyrdy.

Azatlyk Radiosy Türkmenistanda ilatyň suw we ýyladyş üpjünçiliginde çekýän kynçylyklary we bu problemanyň sebäpleri barada “Türkmenistanyň demokratik graždan bileleşiginiň” ýolbaşçysy Wýaçeslaw Mämmedow bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Wýaçeslaw, Türkmenistanda suw we ýyladyş üpjünçiligine degişli problemalary edil häzir gozgamagyňyza näme itergi berdi?

Wýaçeslaw Mämmedow: Bu meseläni gozgamagymyza Türkmenistanda suw we ýyladyş üpjünçiligi bilen bagly dörän adatdan daşary ýagdaý sebäp boldy. Bize bu barada örän köp hatlar we maglumat gowuşýar. Meselem, tomsuň dowamynda Türkmenistanyň iri şäherlerinde suw ýetmezçiligi betbagtçylyga ýakyn bir ýagdaýa öwrüldi.

Biz öz beýannamamyzda Türkmenbaşy, öňki Krasnowodsk, şäheri barada maglumat berýäris. Ine, iňňän gymmat bahadan gurulýan Awaza syýahatçylyk zonasynyň gapdalynda ýerleşýän şol Türkmenbaşyda käbir ýaşaýjylaryň öýlerinde suw hepdeläp, 10-15 günläp düýpden bolmandy. Bu ýagdaý örän yssy tomus günlerinde bolupdy.

Indi bolsa ýyladyş problemasy barada hem şikaýatlar gowuşýar. Bu problema, 20 ýylyň dowamynda düýpli çemeleşilmändigi sebäpli, indi soňky derejesine ýetdi diýip hasap edýäris.

Azatlyk Radiosy: Ýerli ýaşaýjylar ýüzbe-ýüz bolýan problemalary barada häkimiýetlere ýüz tutmaýarlarmy, sizde bu barada nähili maglumat bar?

Wýaçeslaw Mämmedow: Elbetde, adamlar ýerli häkimiýetlere ýüz tutýarlar, emma olar özlerine jogap berilmeýändigini aýdýarlar. Meniň pikirimçe, bu ýerde häkimiýetleriň meseläni çözmäge ukyply däldigini bellemek gerek. Türkmenistanda döwlet resmileri babatynda yzygiderli repressiw arassalaýyşlaryň geçirilýändigi sebäpli, dürli derejelerdäki häkimiýetler meseläni hökümet derejesinde galdyrmaga we onuň çözgüdi üçin uly maýa goýumlaryň zerurdygyny aýtmaga gorkýarlar.

Azatlyk Radiosy: Şeýle ýagdaýda ýerli ýaşaýjylar näme etmeli, olar özleriniň suw we ýyladyş bilen üpjün edilmegini talap etmek üçin nirä ýüzlenmeli?

Wýaçeslaw Mämmedow: Mesele hut şunda, Türkmenistanda köpçüligiň pikiriniň mälim edilmegi üçin mümkinçilikler ýok. Ilatyň öz aladalaryny köpçülige ýetirmegi üçin hiç hili mümkinçilik ýok. Ýurtda azat metbugat ýok, meseleleri hökümetiň öňünde keserdip goýmaga ukyply bolup biljek garaşsyz häkimiýet organlary ýok. Şeýlelikde, ýerlerde ähli meseleler ýerli býüjetleriň çäginde çözülmeli bolýar. Meniň pikirimçe, suw, ýylylyk ýetmezçiligi ilkinji nobatda pudaga örän az maýa goýumlaryň ýatyrylmagy bilen bagly.

Azatlyk Radiosy: Wýaçeslaw, siziň prezident Berdimuhamedowyň adyna ýollan açyk hatyňyzda, Türkmenbaşy şäherinde 15 mekdepden 14-siniň ýyladylmaýandygy barada habar berilýär. Hemmetaraplaýyn güýçli depginde ösýändigini yglan edýän we Awaza ýaly örän gymmatbaha gurluşyk proýektini amala aşyrýan ýurtda çagalaryň sowuk mekdeplerde okamagy ýaly ýagdaý nädip döräp bilýär?

Wýaçeslaw Mämmedow: Bu ýagdaýyň döremegi Sowet Soýuzy döwründen galan merkezleşdirilen ýyladyş sistemasynyň düýpden sandan çykmagy bilen bagly diýip pikir edýärin. Köp raýatlaryň öýlerinde batareýa ýyladyş sistemalary kesilip aýrylan. Sebäbi merkezleşdirilen ýyladyş sistemasy ençeme wagt bäri işlemeýär. Hut şeýle ýagdaý mekdeplere-de degişli.

Garaşsyzlykdan öňki döwürde mekdepler we beýleki sosial-medeni obýektler häkimiýetiň ileri tutýan ugurlary bolan bolsa, soňky ýyllarda olara häkimiýet tarapyndan üns gowşady, olaryň kadaly işlemegine hiç kim jogap bermeýär. Şeýlelikde şu günki gün mekdep okuwçylarynyň ene-atalary pul toplap, elektrik peçlerini satyn alýarlar we mekdepde okaýan çagalarynyň ýylanmagyny üpjün etmäge çalyşýarlar.

Emma bu usul hem netijeli däl. Sebäbi gyşda elektrik togunyň sönýän halatlary köp bolýar. Şonda çagalar sowuk klaslarda okamaly bolýarlar. Üstesine, sowuga garamazdan, çagalar ýokarky geýimlerini çykaryp, klasda milli egin-eşikli oturmaga mejbur edilýärler.
XS
SM
MD
LG