Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Zeýnalow: “Belki-de, bu syýasy oýundyr?”


Moskwada adam öldürmekde güman edilýän Orhan Zeýnalowyň kakasy Zahid, 16-njy oktýabr, 2013.

Moskwada adam öldürmekde güman edilýän Orhan Zeýnalowyň kakasy Zahid, 16-njy oktýabr, 2013.

Moskwada adam öldürmekde güman edilýän Orhan Zeýnalowyň kakasy öz ogluna garşy edilýän aýyplamalaryň “öňünden planlaşdyrylan” we “syýasylaşdyrylan” işdigini aýdýar. Bu waka Orsýetde milletçilikli çykyşlary we polisiýa bilen çaknyşyklary tutaşdyrdy.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň habarçysy Gulnur Nowruzowa Orhan Zeýnalowyň ete-atasy bilen ýörite söhbetdeşlik geçirdi.

Moskwada adam öldürmekde güman edilýän azeri milletli Orhan Zeýnalowyň kakasy ogluna garşy gozgalan işi “başdan-aýak planlaşdyrylan” we “syýasylaşdyrylan” diýip atlandyrdy.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Azerbaýjan gullugyna beren ýörite interwýusynda Zahid Zeýnalow öz ogly Orhanyň ýakynda Moskwanyň Birýulýowo raýonynyň etnik ors ýaşaýjysyny pyçaklap öldürenine ynanmaýandygyny aýtdy.

Zahid Zeýnalow öz oglunyň Moskwada dört ýyldan gowrak wagt bäri ýaşaýandygyny gürrüň berdi.

Orhan Zeýnalow

30 ýaşly Orhan Zeýnalow sişenbe güni polisiýa tarapyndan tussag edildi. Ol 10-njy oktýabrda 25 ýaşly Ýegor Şerbakowy öldürmekde aýyplanýar. Bu wakanyň jikme-jik taraplary näbelli bolup galýarka, Şerbakowa garşy edilen hüjümiň gyzyň üstünde bolandygy barada habar berilýär.

Ony öldüren adam wakanyň bolan ýerinden gaçyp gidipdir, emma kameralara düşürilen wideoýazgylar hüjümçiniň kawkazly ýa-da merkezi aziýaly bolmagynyň ähtimaldygy barada çaklamalary döredipdir.

Bu hadysa migrantlaryň daşyndaky dartgynlylygy hasam güýçlendirdi we soňky ýyllarda Orsýetde bolan iň güýçli milletçilikli çykyşlary tutaşdyrdy.

13-nji oktýabrda Moskwanyň Birýulýowo raýonynda protestçileriň topary milletçilikli şygarlary gygyryp, söwda merkezine hüjüm etdiler we aýnalary döwdüler. Ýene bir topar migrantlaryň, şol sanda habar berlişine görä, Zeýnalowyň işlän ýeri bolan gök önümleri satýan baza hüjüm etmäge synanyşdy. Hüjümçiler polisiýa tarapyndan dargadyldy.

Bu çaknyşyklaryň netijesinde jemi 23 adam, şol sanda sekiz sany polisiýa ofiseri ýaralandy. 400 çemesi protestçi tussag edildi, emma olaryň köpüsi tiz boşadyldy. Munuň yz ýany polisiýa öz ünsüni migrantlara garşy gönükdirdi. 14-nji oktýabrda Birýulýowo raýonynyň gök önümleri satýan bazasynda Merkezi Aziýadan we Kawkazdan gelen 1 200 işçi tussag edildi.

Ene we ata

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy Zahid Zeýnalow we onuň aýaly Ýasemen Zeýnalowa bilen olaryň Azerbaýjanyň Şamkir etrabynda ýerleşýän Seýfali obasyndaky öýünde söhbetdeş boldy.

Bu regiondan köp adam işiň gözleginde ýurduň daşyna gidýär. Zeýnalow öz oglunyň utanjaň we gowy häsiýetli ýigitdigini aýtdy. Ol öz oglunyň dört ýyl ozal harby gullukdan soň, iş gözläp, Moskwa gidendigini gürrüň berdi. Ýasemen Zeýnalowa oglunyň Moskwanyň eteginde polisiýa tarapyndan ele salynmagynyň öňüsyrasynda jaň edendigini aýdýar.

“Oglum bize jaň edip, özüniň hiç bir ýaramaz iş etmändigini, ýöne şübhe astyndadygyny aýtdy. Bu Baku wagty bilen öýlän sagat iki bilen üçüň aralygyndady. Ol biziň täzeliklerde eşidenlerimizi özüniň hem eşidendigini aýtdy. Men häkimiýetleriň ýanyna baryp, kimiň-kimdigini tassyk ederin diýdi” diýip, Ýasemen Zeýnalowa Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Zahid Zeýnalow “belki-de, bu syýasy oýundyr” diýip, öz pikirini aýdýar.


Orhan Zeýnalowyň tussag edilmeginden birnäçe sagatdan soň Interfaks agentligi Orsýetiň Içeri işler ministrliginiň metbugat wekiline salgylanyp, Orhan Zeýnalowyň polisiýa bilen “resmi bolmadyk gürrüňdeşlikde” günäsini boýun alandygyny habar berdi.

Migrantlara duýduryş

Adam hukuklaryny goraýjy toparlar Moskwada zähmet çekýän Merkezi Aziýa we Kawkaz döwletleriniň raýatlaryna ýüzlenip, milletçilikli zorluklaryň dowam etmeginiň ähtimaldygyny duýdurdylar.

Resmi maglumatlara görä, Orsýetde 11 milliona golaý daşary ýurtly zähmet çekýär. Şol bir wagtyň özünde-de hakyky sanlaryň mundan has hem köpdügi çak edilýär.
XS
SM
MD
LG