Sepleriň elýeterliligi

Russiýada internete gözegçilik artýar diýilýär


Russiýanyň federal howpsuzlyk gullugy ýurduň internetine gözegçiligi artdyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada Russiýanyň “Kommersant” gazeti habar berýär.

Duşenbe güni Russiýanyň gürrüňi edilýän biznes gazetiniň çap eden maglumatyna görä, ýurduň Aragatnaşyk ministrligi 2014-nji ýylyň 1-nji iýulyndan başlap internet üpjünçiligini hödürleýän ähli kompaniýalaryň öz ulgamlaryna ýörite enjamy dakmagy talap edýän permanyň taslamasyny taýýarlady.

Bu enjam netijesinde Russiýanyň Federal howpsuzlyk gullugy internet ulgamyna göni aralaşyp biler we bu ulgam soňky 12 sagat içindäki online traffik maglumatlary ýazgyda saklar.

“Kommersant” gazetiniň ýazmagyna görä, internet hödürleýän “Vympelkom” kompaniýasy ýurduň Aragatnaşyk ministrligine ugradan hatynda gürrüňi edilýän perman taslamasynyň Russiýanyň konstitusiýasyny we raýatlaryň şahsy durmuşyny goraýan kanuny bozýandygyny aýdýar.
XS
SM
MD
LG