Sepleriň elýeterliligi

Serbiýa: Titonyň aýaly jaýlanýar


Ýugoslawiýanyň ozalky lideri Iosif Broz Titonyň aýaly Belgarddaky mawzoleýde, doly harby hormat bilen soňky ýoluna ugradylýar.

Jowanka Broz geçen ýekşenbede, 88 ýaşynda, ýürek derdinden jan berdi. Ol Güller öýünde, 1980-nji ýylda ýogalan adamsynyň gapdalynda jaýlanar.

Jowanka kommunist lider bilen Ikinji jahan urşunda ýugoslaw partizanlaryna goşulanda, 17 ýaşynda tanyşýar. Olar 1952-nji ýylda durmuş gurýarlar.

Ol Titonyň üçünji aýalydy. Ol öz ömrüniň soňky 30 ýylyny, partiýa elitasy bilen arasyny üzenden soň, Belgraddaky kwartirasynda ýekelikde we garyplykda geçirdi.
XS
SM
MD
LG