Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ: Senator MHG barada sözledi


ABŞ-nyň Senatynyň Aňtaw komitetiniň başlygy çykyş edip, Milli howpsuzlyk gullugynyň (MHG) Waşingtonyň ýaranlary barada aňtaw maglumatlaryny ýygnamagyna “düýbünden garşydygyny” aýtdy.

Dianne Feinstein bu barada duşenbe güni beýanat ýaýratdy. Mundan öň, Milli howpsuzlyk gullugynyň Germaniýanyň kansleri Angela Merkeliň mobil telefon gepleşiklerini gizlin diňländigi barada maglumatlar syzypdy.

Feinstein Milli howpsuzlyk gullugynyň alyp baran käbir aňtaw işlerini goldap, olaryň global terrorizme garşy göreşmek üçin möhümdigini belledi. Emma Feinstein daşary ýurtly liderleri bilen bagly meseläniň başga bir ýagdaýdygyny hem nygtap geçdi.

Feinstein Ak Tamyň beýle maglumatlaryň indi toplanmajakdygy barada aýdandygyny hem sözüne goşdy.
XS
SM
MD
LG