Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Feinsteýn: Maglumat toplamagyň bu usulyna garşy


ABŞ-nyň Senatynyň Aňtaw komitetiniň ýolbaşçysy Diýanne Feinsteýn.
ABŞ-nyň Senatynyň Aňtaw komitetiniň ýolbaşçysy Diýanne Feinsteýn.
ABŞ-nyň Senatynyň Aňtaw komitetiniň ýolbaşçysy, ýurduň Milli howpsuzlyk gullugynyň, Waşingtonyň ýaranlaryna degişli gizlin maglumatlary toplamagyna düýbünden garşydygyny aýtdy.

Senator Diýanne Feinsteýn bu barada, ABŞ-nyň Milli howpsuzlyk gullugynyň Germaniýanyň kansleri Angela Merkeliň telefon gepleşiklerini uzak wagtyň dowamynda ýaşyryn diňläp gelendigi baradaky maglumatlar peýda bolansoň, Senatda eden çykyşynda aýtdy.

Feýnsteýn öz çykyşynda agzalýan gullugyň alyp barýan işleri hakynda köpçülikleýin habar serişdelerinde peýda bolan käbir tankydy garaýyşlara arka dursa-da, ol usullaryň terrorizme garşy göreşde uly rolunyň bolandygyny belledi. Emma ol, şol bir wagtyň özünde-de, daşary ýurt liderlerine gizlin gözegçilik edilmeginiň düýbünden başga bir meseledigini nygtady. Agzalýan senator bu ýagdaýyň dowam etdirilmejegi barada Ak Tamyň özüne maglumat berendigini hem sözüne goşdy.

Senator maglumat ýygnamak boýunça alnyp barylýan ähli programmalary Senat tarapyndan dörediljek ýörite komitetiň gözden geçirjekdigini hem aýtdy.

Ak Tamyň pikiri

Mundan ozal Ak Tamyň metbugat wekili Jaý Korneý ABŞ-nyň Aňtaw gulluklarynyň maglumat ýygnamak usullaryna käbir düzedişleriň girizilmeginiň zerur bolmagynyň ahmaldygyny hem belledi.

Korneý bu ugurdan öz pikirini şeýle beýan etdi: ”Eger biz öz raýatlarymyzyň we ýaranlarymyzyň howpsuzlygyny gorajak bolsak, onda biz özgerýän durmuşda iň öňdäkileriň sanynda bolmaga mejbur.
Ynha, Aňtaw gulluklarymyz bu meselede öz işiniň doly hötdesinden gelýär. Hut şu ukybymyza daýanyp, biz ençeme terroristik hüjümleriň bolmagynyň öňüni aldyk we 11-nji sentýabr wakasyndan soňky döwürdäki zerur howpsuzlyk şertlerine uýgunlaşmagy başardyk. Şol bir wagtyň özünde-de, biz bu ukybymyzy maglumat ýygnamak üçin ulananymyzda, käbir çäklendirmeleri hem göz öňünde tutmaly bolarys.
Bu prezidentiň bize tehnologiýanyň ösen häzirki pursatynda öz işimizi alyp barmak boýunça beren tabşyrygynyň çägine girýär”.

Düşündiriş talap edilýär

Korneýiň bu beýanaty ABŞ-nyň Aňtaw gulluklarynyň Ispaniýanyň raýatlaryna hem gizlin gözegçilik edendiginiň üsti açylyp, ABŞ-nyň Madriddäki ilçisi bu meselede düşündiriş talap edilip, ispan hökümeti tarapyndan çagyrylan döwrüne gabat geldi.

Ispaniýanyň ”El-Mundo” gazetinde ABŞ-nyň Milli howpsuzlyk gullugynyň bir aýyň dowamynda Ispaniýanyň raýatlaryna degişli azyndan 60 million telefon gepleşigine gözegçilik edendigi baradaky maglumat çap edildi. Gazet bu habary ABŞ-nyň öňki aňtaw işgäri Edward Snowden tarapyndan ýaýradylan maglumatlara salgylanyp çap etdi.

ABŞ-nyň ýewropaly ýaranlary, esasanam Germaniýa, Ispaniýa, Fransiýa we Italiýa Obamanyň administrasiýasyndan Waşingtonyň maglumat ýygnamakda ulanýan praktikasy boýunça düşündiriş soraýarlar.
XS
SM
MD
LG