Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Pakistanyň tankydyny ret edýär


Birleşen Ştatlar Pakistanyň «Talyban» lideri Hakimullah Mehsudy öldüren dron zarbasynyň ýurtda janlanyp barýan parahatçylyk gepleşiklerini öldürendigi barada aýdylýanlary ret etdi.

Döwlet departamentiniň resmisi şenbe güni jeňçiler bilen gepleşikler Pakistanyň içerki meselesi diýdi.

Bu beýanatda Pakistan bilen Birleşen Ştatlaryň «ekstremist zorluklaryny soňlamak boýunça umumy strategiki bähbitleriniň bardygy» nygtalýar.

Şenbe güni irden Pakistanyň içeri işler ministri Birleşen Ştatlaryň anna güni Mehsudy öldüren dron zarbasyny parahatçylyk prosesine edilen hüjüm hökmünde häsiýetlendirdi.

Çaudri Nisar Pakistanyň Birleşen Ştatlar bilen gatnaşyklaryna hemme aspekt boýunça gaýtadan seredilmeli diýdi.

Pakistan bu dron zarbasyna protest bildirmek üçin ABŞ-nyň ilçisini çagyrdy.
XS
SM
MD
LG