Sepleriň elýeterliligi

Eýran: Ýadro gepleşikleri ikinji gününe girdi


Eýranyň ýadro programmasy baradaky gepleşikler annada ikinji, soňky gününe girdi.

Eýranly resmiler we 5+1 döwletler topary, ABŞ-nyň, Orsýetiň, Fransiýanyň, Britaniýanyň, Hytaýyň we goşmak Germaniýanyň wekilleri Ženewada duşuşyp, bu meseläniň daşyndaky halkara aladalaryny ýeňletmegiň çäresini agtarýalar.

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň resmileri anna güni bu maslahata Ýakyn Gündogarda saparda ýören Jon Kerriniň hem goşuljagyny aýtdylar.

Eýranyň daşary işler ministri Jawad Zarif CNN-ene beren interwýusynda Tähranyň dawaly uran baýlaşdyrmak programmasyny bölekleýin togtatmagynyň hem ahmaldygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG