Sepleriň elýeterliligi

Orsýetde golland koroluna pomidor zyňyldy


Orsýetli oppozisiýa aktiwistleri, Niderlandiýadan gaçybatalga talaby ret edilen aktiwistiň özüni öldürmegine protest bildirip, sapara gelen golland patyşasy Willem-Aleksandra pomidor zyňdylar.

Pomidorlaryň hiç biri patyşa degmedi. Bu demonstrasiýa «Başga Orsýet» partiýasynyň agzasy Aleksandr Dolmatowyň ýanwarda özüni öldürmegine ünsi çekdi.

Dolmatow Wladimir Putiniň gaýtadan prezident saýlanmagyna garşy proteste gatnaşany üçin tussag edilipdi.

Ol türmeden boşadylansoň Niderlandiýa gaçyp, şol ýerden gaçybatalaga sorapdy.

Haýyşy ret edilensoň, Dolmatow şol ýerde özüni öldüripdi.

Golland patyşasy Orsýete iki ýurduň ýaramazlaşan gatnaşyklary barada maslahatlaşmaga geldi.
XS
SM
MD
LG