Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystan: Göknaryň önümçiligi artdy


Birleşen Milletler Guramasy şu ýyl Owganystanda göknaryň ösdürilip ýetişdirilişiniň rekord derejede ýokary galandygyny aýdýar.

BMG-niň Neşeler we jenaýatlar boýunça edarasynyň Owganystandaky neşe serişdeleri barada her ýyl ýaýradýan raportynda 2013-nji ýylda öndürlen hasylyň geçen ýylkydan 49% köp bolup, onuň 5,500 tonna deň bolandygy habar berilýär. Şeýle-de, bu san tutuş dünýäde ýetişdirilýän neşe serişdesinden hem ýokarydyr.

Raportda bellenilmegine görä, göknar ekilýän territoriýalar öňküsinden 36% artypdyr.
Raportda munuň sebäbi 2014-nji ýylyň ahyryna çenli ABŞ-nyň liderligindäki daşary ýurt goşunyň Owganystany terk etmäge taýýarlyk görmegi daýhanlaryň gelejek durmuşyny alada goýýandygy bilen düşündirilýär.

Owganystanda göknar ekilýän esasy territoriýalar ýurduň günortasynda we gündogarynda ýerleşýär. Bu territoriýalar “Talyban” söweşijileriniň täsiri astyndaky ýerlerdir.
XS
SM
MD
LG