Sepleriň elýeterliligi

Ukraina-ÝB: Parlament ylalaşyga gelip bilmedi


Ukrainanyň parlamentiniň maslahaty, 13-nji noýabr, 2013.

Ukrainanyň parlamentiniň maslahaty, 13-nji noýabr, 2013.

Ukrainanyň parlamenti çarşenbe güni geçiren maslahatynda täze kanun boýunça ylalaşyga gelip bilmedi. Bu kanunyň taslamasy ýurduň öňki premýer-ministri Ýuliýa Timoşenkonyň daşary ýurtlarda saglygyny bejertmegine rugsat berip bilerdi.

Ukrainanyň parlamentiniň çarşenbe güni geçiren adatdan daşary maslahatyna prezident Wiktor Ýanukowiçiň hökümetiniň ýurduň öňki premýer-ministri Ýuliýa Timoşenkony tussaglykdan goýbermegi üçin soňky mümkinçilik hökmünde garalypdy.

Timoşenkony boşatmak şerti

Timoşenkonyň boşadylmagy bolsa noýabr aýynyň aýagynda Ukrainanyň Ýewropa Bileleşigi bilen erkin söwda ylalaşygyny baglaşmagy üçin esasy şertleriň biridir.

Ýewropa Bileleşigi, eger Timoşenkony boşatmak barada çarşenbe gününe çenli karara gelinmese, Ukraina bilen bu ylalaşygyň baglaşylmagyny yza tesdirmekçidigini duýdurypdy. Söwda boýunça ylalaşyga Ukrainanynyň ÝB-ne agza bolmagyna tarap ilkinji ädim hökmünde garalýar.

Häkimiýet başyndaky “Regionlar partiýasy” we oppozisiýanyň agzalaryndan ybarat parlament topary kanunyň taslamasynyň mazmuny boýunça özara ylalaşyp bilmänsoň, Ukrainanyň parlamentiniň, ýagny Ýokary Radanyň spikeri Wolodymyr Rybak maslahatyň ýapylýandygyny yglan etdi.

Wolodymyr Rybagyň yglan eden bu karary käbir deputatlar tarapyndan “masgaraçylyk” diýen sözler bilen garşy alyndy.

Kabul edilmedik kanun ukrainaly tussaglara daşary ýurtlarda medisina kömegini almak üçin mümkinçilik dörederdi. Oňurgasyndaky yzalardan ejir çekýän Timoşenko hem öz saglygyny bejertmek üçin, täze kanuna laýyklykda, Germaniýa gidip bilerdi.

Ukrainanyň Ýewropa Bileleşigine goşulmak boýunça ylalaşyga gol çekmegi Timoşenko 2011-nji ýylda tussag edileli bäri yza tesdirilip gelinýär.

Ukrainanyň öňki premýer-ministri Ýuliýa Timoşenkonyň wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanmakda aýyplanyp, tussag edilmegine Ýanukowiçiň ondan syýasy ar almasy hökmünde garalýar.

Ukrainanyň “Ýewropadaky gelejegi”

Ukrainanyň parlamentiniň çarşenbe günki maslahatyna Ýewropa Bileleşiginiň iki wekili: Aleksandr Kwasnewski we Pat Koks gatnaşdylar. Olar maslahatyň yz ýany parlamentdäki syýasy toparlar bilen pikir alyşdylar. Emma bu gepleşikleriň mazmuny barada köpçülige habar berilmedi.

Ýewropa Bileleşiginiň resmileriniň Ukrainanyň parlamentinde bolan maslahat barada berjek hasabaty 18-nji noýabrda ÝB-niň daşary işler ministrleriniň Brýusselde boljak maslahatynda diňlener. Bu maslahatda Kiýewiň 28-29-njy noýabrda Wilnýusda geçiriljek ÝB-niň Gündogar hyzmatdaşlygy sammitinde gurama bilen bileleşmek boýunça ylalaşyga gol çekmäge taýýarlyk derejesine hem baha berler.

Wolodimir Rybak Ukrainanyň parlamentiniň indiki maslahatynyň 19-njy noýabrda geçiriljekdigini yglan etdi.

Ukrainanyň Ýewropa Bileleşigi bilen ýakynlaşmagynyň tarapynda çykyş edýän oppozisiýa Ýanukowiçi tankyt edip, onuň asla Ýewropa Bileleşigi bilen ylalaşyga gol çekmek niýetiniň ýokdugyny belledi.

Ýanukowiçiň geçen şenbe güni Moskwa sapar edip, Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin bilen gizlin gepleşik geçirmegi-de berk ýazgaryldy.

Ukrainanyň oppozisiýasynyň lideri Arseniý Ýatsenýuk Ýanukowiçiň Orsýete eden sapary bilen baglylykda çykyş edip, onuň Ukrainanyň “Ýewropadaky gelejegine” howp döreden ýagdaýynda, jogapkärçilige çekiljegini duýdurdy.

Moskwa özüniň Belarus we Gazagystan bilen bilelikdäki Gümrük Bileleşigine Ukrainanyň hem goşulmagyny isleýär.

Çarşenbe güni agşam Ukrainanyň Senagatçylar we telekeçiler bileleşigi Ýewropa Bileleşigi bilen islendik ylalaşyklary baglaşmakdan saklanmaga çagyrdy we munuň Orsýet hem Gazagystan bilen söwda gatnaşyklaryna zyýan ýetirmeginiň mümkindigini duýdurdy.
XS
SM
MD
LG