Sepleriň elýeterliligi

Beýrut: Ilçihananyň golaýynda partlama boldy


Beýrutda Eýranyň ilçihanasynyň daşynda ýüze çykan iki partlamada azyndan 23 adam öldi, başga-da onlarçasy ýaralandy.

Hüjümde Eýranyň Liwandaky ilçisi Ghazanfar Rokn-Abadiýe hiç zat bolmady. Onuň sözlerine görä, hüjümde ilçihananyň medeniýet boýunça ataşesi Ibrahim Ansari heläk bolupdyr.

Ilçihana şaýy musulmanlarynyň “Hizbullah” toparynyň gözegçilik edýän sebitinde ýerleşýär. Bu topar Eýranyň hökümeti bilen birlikde Siriýadaky konfliktde prezident Başar al-Assadyň tarapyny tutýar.

“Al-Kaýda” bilen ilteşikli, düýbi Liwanda ýerleşýän Abdullah Azzam brigadasy hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy.
XS
SM
MD
LG