Sepleriň elýeterliligi

logo-print

BMG Özbegistana gynagy bes et diýýär


BMG-niň esasy adam hukuklary guramasy Özbegistany "sistematiki" adam gynamagy we hukuk goraýjy aktiwistleri ýanamagy bes etmäge çagyrdy.

BMG-niň adam gynalmagyna garşy komiteti anna güni bu ýurdy giň ýaýran hukuk bozmalar babatda berk tankytlaýan hasabat çap etdi.

Komitetiň agzasy Jorj Tuguşi, Gürjüstanyň adam hukuklary ombudsmany, özbek hökümeti bu problemalaryň hiç birini boýun almak islemeýär diýdi.

Özbegistan 1989-nji ýyldan bäri prezident Yslam Karimow tarapyndan dolandyrylýar. Özbek hökümeti dünýädäki iň bir repressiw režimleriň biri hasaplanýar.
XS
SM
MD
LG