Sepleriň elýeterliligi

Ýemende 2 belarusla hüjüm edildi


Ýemende motosikletli hüjümçiler Belarusdan gelen harby maslahatçylara ýaragdan ot açdylar. Wakada hüjüm edilenleriň biri öldi, başga biri hem agyr ýaralandy.

Russiýanyň Sanaadaky ilçihanasynyň metbugat wekili Nikolaý Lýaguşkiniň beren maglumatyna görä, iki belarusly Ýemeniň paýtagtyndaky myhmanhanadan çykyp barýan mahaly atylypdyr.

Mundan ozal, hüjüm edilenleriň Russiýanyň raýatydygy aýdylypdy.

Ýemeniň resmileri ulagdan edilýän hüjümleri “Al-Kaýda” topary bilen ilteşikli yslamçy ekstremistleriň amala aşyrýandygyny aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG