Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

UNESCO: Dünýäniň maddy däl medeni mirasy


70 ýaşly Kakeş Jumabaý gyzy (ç), Gyrgyzystan
70 ýaşly Kakeş Jumabaý gyzy (ç), Gyrgyzystan

2-7-nji dekabrda BMG-niň Medeniýet boýunça agentligi UNESCO-nyň agzalary Azerbaýjanyň paýtagty Bakuwda duşuşyp, şu ýyl Dünýäniň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna giriziljek adatlar, däp-dessurlar we sungat barada maslahat geçirerler. Şu ýyl serediljek zatlaryň arasynda Mongoliýanyň gara öý ýasamak sungaty, türk kofesiniň taýýarlanyşy we Azerbaýjanda atly milli oýnuň ýerine ýetirilişi bar.

AÝ/AR-nyň regionyna degişli ýurtlaryň ençemesi: Azerbaýjan, Makedoniýa, Gürjüstan, Eýran, Gyrgyzystan, Moldowa we Ukraina şu ýyl UNESCO-nyň Maddy bolmadyk medeni mirasynyň sanawyna öz milli aýratynlyklaryny hödürlediler.

UNESCO-nyň resmi saýtynda bu barada jikme-jik maglumat beriýär.

70 ýaşly Kakeş Jumabaý gyzy tutuş ömrüni ýüň önümlerini öndürmek we keçe basmak bilen geçirdi.

Sekiz çaganyň ejesi Kakeş Gyrgyzystanyň At-Başy atly daglyk ýerinde ýaşaýar. Bu ýerde köp maşgalalar goýun bakmak bilen gün görýärler. Kakeş Jumabaý gyzy bolsa goýnuň ýüňünden milli gyrgyz egin-eşiklerini we “şyrdak” diýlip atlandyrylýan reňkli keçe düşeklerini öndürýär.

“Men keçe etmegi öz ejemden öwrendim. Soň muny özüm edip başladym. Men gara öýleri, şyrdak düşekleri, ýüňden edilen geýimleri we galpaklary öndürýärin. Meniň öndüren önümlerimiň ençemesi daşary ýurtlarda satyldy. Emma meniň bu sungatymy diňe meniň gelinlerimiň biri we bir gyzym dowam etdirýärler”.

Şyrdak we alakiýiz

Jumabaý gyzy ýurtda ýitip barýan bu sungaty dowam etdirýänleriň biri.

Gyrgyzystanyň Medeniýet ministrliginiň taryhy miras boýunça bilermeni Nazgul Mekeşowa ýüňden edilýän milli önümlere bolan talabyň gitdigiçe azalýandygyny aýdýar.

“Öňler bu sungat ýurtda gülläp ösýärdi. Meselem, ýaş gyz durmuşa çykanda onuň bukjasynda şyrdak we alakiýiz atly ýüňden edilen reňkli düşekler hökman bolýardy. Häzirki wagtda bolsa ýurduň ähli bazarlarynda, esasan, daşary ýurtdan getirilen halylar we düşekler satylýar. Milli keçe düşekleri bolsa taryhy bir sungata öwrülip barýar”.

Emma geçen ýylda Gyrgyzystanyň deňi-taýy bolmadyk keçe sungatynyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy. BMG-niň Medeniýet boýunça UNESCO agentligi gyrgyzlaryň şyrdak we alakiýiz düşeklerini öndürmek sungatyny tizden-tiz goralmaga mynasyp medeni miras diýip atlandyrdy.

UNESCO medeni mirasy goramak boýunça onlarça ýyl bäri iş alyp barýar. Goraga mynasyp obýektler Dünýäniň medeni mirasynyň sanawyna girizilýär. Bu sanaw 981 obýekti, şol sanda Hindistanyň Täç Mahal köşgi ýaly dünýä belli taryhy ýadygärlikleri öz içine alýar.

Maddy däl miras

2003-nji ýylda UNESCO ýörite konwensiýany kabul edip, adamzadyň durmuşynyň we medeniýetiň maddy bolmadyk taraplaryny goramak boýunça sanawy döretmek inisiatiwasyny öňe sürdi. Bu sanaw “Maddy bolmadyk medeni miras” diýlip atlandyryldy.

UNESCO-nyň medeniýet boýunça bilermeni Helena Drobna şeýle diýýär: “Bu nesilden-nesle geçýän, jemgyýetlerde döreýän we dowam etdirilýän, milli özboluşlylygy aňladýan zatlardyr, ýagny dilearlyk sungaty, ýerine ýetirijilik sungaty, milli sungat, däp-dessurlar, sosial durmuşa, tebigata we töwerek-daşa degişli zatlar sanawa girizilýär”.

2003-nji ýyldan bäri Maddy däl medeni mirasyň sanawyna girizilmek üçin we UNESCO-nyň ýörite statusyna eýe bolmak üçin ýüzlerçe obýekt hödürlendi.

Şu ýyl UNESCO-nyň sanawyna öz milli mirasyny girizmek üçin dünýäniň onlarça ýurdy ýüz tutdy. Olaryň arasynda Mongoliýa gara öýleri ýasamagyň öz milli sungatyny teklip etdi. Türkleriň kofe taýýarlamak usuly we Günorta Koreýanyň kelemden edilýän burçly Kimçi nahary hem maddy bolmadyk medeni mirasyň sanawyna girizilmek üçin hödürlendi.

Bakudaky duşuşyk

UNESCO-nyň sanawynyň şu ýylky düzümi 2-7-nji dekabr günlerinde Bakuwda geçiriljek maslahatda kesgitlener.

Azerbaýjanda bu waka uly ähmiýet berilmegine garaşylýar. Ýurduň prezidenti Ylham Aliýewiň aýaly Mähriban Aliýewa 2004-nji ýyldan bäri UNESCO-nyň meýletin ygtyýarly ilçisidir.

Şeýle-de Baku öz milli mirasynyň UNESCO-nyň goragyna eýe bolmagyny isleýär. Azerbaýjan bir wagtlar çarwalaryň arasynda meşhur bolan atlylaryň top oýnamak däbini hasaba aldyrmak üçin hödürleýär.

Bakuwyň bu teklibi köp gapma-garşylygy döretdi. Ýurtda köpler bu milli oýun barada hiç wagt eşitmändirler. Eýran bolsa protest bildirip, agzalan oýnuň halkara mirasydygyny aýdýar.

UNESCO öz sanawynyň aýrybaşga ýurtlaryň däl-de, aýrybaşga jemgyýetleriň medeni mirasyny goramak we olaryň tebigy özboluşlylygyny goldamak maksadyna eýerýändigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG