Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azat: "Toýlarda manysyz çykdajy edilýär"


Aşgabadyň "Bagt köşgi".
Aşgabadyň "Bagt köşgi".
27-nji noýabrda Lebap welaýatynda “Bagt köşgi” açyldy. Şeýle köşkler eýýäm beýleki welaýatlarda açylyp, ulanylyşa hem berildi. Olaryň ilkinjisi 2011-nji ýylda Aşgabatda açylypdy.

Ýakynda habarçymyz Aşgabatdaky şol “Bagt köşgüne” aýlanyp, ol ýerde gurnalýan toýlaryň çykdajylary bilen gyzyklananda, adaty gurnalýan her toý üçin täze manat bilen ortaça 25 müň manat möçberinde çykdajy edilýändigi barada maglumat aldy. Mundan başga gyzyň galyňy, spisogy ýaly çykdajylar hem bar.

Täze Tolkun gepleşigimizde toýlarda edilýän çykdayjylar, olaryň gün saýyn artmagynyň sebäpleri, oňa ýaşlaryň garaýyşlary hakda söhbet etdik. Söhbetdeşligimiziň myhmanlary dürli ýurtlarda ýaşaýan türkmen ýaşlary – Merjen, Azat, Eziz we Aşgabatdaky habarçymyz Myrat Gurban. Türkmen ýaşlary we habarçymyz bilen geçiren söhbetdeşligimizi aşakdaky düwmä basyp diňläp bilersiňiz. Garaýyşlaryňyza bolsa aşakdaky teswir bölüminde garaşýarys.

XS
SM
MD
LG