Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

CAF: Türkmenistanda sahawatly adamlar ýaşaýar


Britaniýanyň CAF atly sahawatlylyk fondy dünýäde hususy sahawatlylyk boýunça sanawyny çap etdi. Hasabatda dünýäde sahawatlylygyň möçberiniň global maliýe krizisine garamazdan artýandygy aýdylýar we munuň ilkinji nobatda kömege mätäç adamlara göni ýardam berýän meýletinçileriň sanynyň köpelmegi bilen baglydygy bellenýär.

Sahawatlylyk reýtinginde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda iň ýokary görkeziji 26-njy ýerde ýerleşdirilen Türkmenistana degişli. Özbegistan 50-nji, Täjigistan 64-nji, Gazagystan 66 we Gyrgyzystan 73-nji ýerde ýerleşdirilipdir.

Türkmenistanyň ilatynyň 57% sahawatlylyk işleri üçin öz wagtyny sarp edýändigi we haýyr-sahawat işleri bilen meşgullanmak üçin wagtyny gaýgyrmaýan ilatyň sany boýunça Türkmenistanyň dünýä ýüzünde birinji ýerde durýandygy hasabatda mälim edilýär.

Habar berilişine görä, CAF guramasynyň “Dünýäde sahawatlylyk sanawy” köpçüligiň pikirini öwrenýän “Gallup” kompaniýasynyň barlaglaryna esaslanýar.

Şu ýyl dördünji sapar çap edilýän bu hasabata laýyklykda dünýäde sahawatlylyk boýunça birinji orunda ABŞ durýar.
XS
SM
MD
LG