Sepleriň elýeterliligi

Daşkent: Galanos gynamalary ret edýär


Özbegistanyň prezidentiniň uly gyzy Gülnara Karimowanyň partnýory 31 ýaşly Ýanis Galanos tussaglykda özüniň gynamalara sezewar edilýändigi barada maglumaty ret edýär. Galanos hilegärlikde günälenip geçen aýda tussag astynda alnypdy.

Gülnara Karimowa Twitterde çap eden maglumatynda özbek derňewçileriniň Galanosy gynaýandyklaryny habar beripdi.

Galanosy türmede görmäge rugsat alan adam hukuklary boýunça daşkentli Ezgulik merkeziniň wekilleri Galanosyň gynamalary ret edýän wideo ýazgysyny köpçülige ýetirdiler.

Ezgulik merkezinden Wasila Inoýatowanyň penşebe güni AÝ/AR-na aýtmagyna görä, olaryň Galanos bilen türmede geçiren duşuşygyny Özbegistanyň Milli Howpsuzlyk gullugy gurnapdyr.

Munuň öňüsyrasynda Gülnara Karimowa Twitterde çap eden maglumatynda özüniň partnýorlarynyň ençemesiniň tussag edilendigini we öz mediýa kompaniýasynyň parahorluk esasynda derňewlere sezewar edilendigini habar berdi.
XS
SM
MD
LG