Sepleriň elýeterliligi

Halkara inspektorlary Eýrana bardy


BMG-niň Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň inspektorlary ýekşenbe güni Eýranyň Arak şäherinde agyr suwda işleýän we plutoniý serişdesini öndürýän obýektine bardylar. Halkara inspektorlary bu ýere soňky iki ýyldan gowrak wagtyň dowamynda ilkinji gerek sapar edýärler.

Eýranyň habar beriş serişdelerine görä, Atom energiýasy boýunça iki halkara inspektorynyň Arak şäherinde ýerleşýän obýekte bu sapary Eýranyň we dünýäniň iň täsirli alty döwletiniň arasynda 24-nji noýabrda gelnen ylalaşygyň esasynda amala aşyrylýar.

Ylalaşykda Eýranyň ýadro programmasynyň üstündäki işi çäklendirmegi, bu ýurda garşy halkara sanksiýalarynyň hem gowşadylmagy göz öňünde tutulýar.

Eýran ylalaşyk arkaly özüniň Arak şäherindäki plutoniý öndüriji reaktoryny işletmezlik bilen ylalaşdy.

Şenbe güni Eýranyň prezidenti Hassan Rohani dünýä ýurtlary bilen gelnen ylalaşygy goldap çykyş etdi. Rohani ýurduň ykdysadyýetini gowulandyrmagyň, parahatçylykly ýadro programmasynyň üstünde işlemek bilen deň derejede möhümdigini belledi.
XS
SM
MD
LG