Sepleriň elýeterliligi

Dagystanda ofiser öldürildi


Russiýanyň Demirgazyk Kawkaz respublikasy Dagystanda ýurduň howpsuzlyk ofiseri nämälim hüjümçi tarapyndan öldürildi.

Russiýanyň Derňew komitetiniň Dagystandaky resmileriniň berýän maglumatyna görä, duşenbe güni ýaragly adam ýurduň günbataryndaky Hasawýurt şäheriniň Federal howpsuzlyk gullugy departamentiniň leýtenantynyň ulagyna ot açypdyr. Gürrüňi edilýän ofiser wakanyň bolan ýerinde jan berýär.

Soňky hepdäniň dowamynda Dagystanyň Hasawýurt etrabynda terrorçylyga garşy göreş operasiýalarynda birnäçe polisiýa ofiseri öldürildi we ýaralandy.
XS
SM
MD
LG