Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýakyn Gündogarda güýçli gar ýagdy


Ýakyn Gündogarda adaty bolmadyk tebigy şertler emele geldi regionda güýçli garyň ýagmagy zerarly ençeme ýollar böwetlendi.

Anna güni Iýerusalimiň meri Nir Barkat “men 54 ýaşymda bolsam-da şeýle ýagdaýa ömrümde ýekeje gezegem duş gelmändim” diýdi. Ysraýylyň häkimiýetleri ýeriň azyndan 50 santimetrlik gar bilen örtülendigini aýtdylar.

Anna günüň dowamynda hem garyň ýagjagy öňünden çak edildi.

Mekdepler iki günläp ýapyklygyna galýar, adamlara öz öýlerinde galmak teklip edildi. Palestinanyň Ramalla we Wifleýem şäherlerini hem gar örtdi.

Regionyň demirgazyk tarapynda Siriýadaky uruş zerarly öz öýlerini terk edip çadyrlarda ýaşaýan bosgunlaryň güni garyň ýagmagy bilen hasam kynlaşdy. Telewideniýede gara bürenen çadyrlar we wagtlaýyn öýlerini gardan goramaga synanyşýan adamlar görkezildi.
XS
SM
MD
LG