Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan: Saýlawlardan öň ümsümlik yglan edildi


Türkmenistanda şenbe güni, parlament saýlawlarynyň geçirilmeginiň öň ýanynda ümsümlik yglan edildi. Ýurduň Saýlaw kodeksine görä, saýlawlara bir gün galanda saýlaw kampaniýalary soňlanýar.

Ertir, 15-nji dekabrda ir sagat 7-den sagat 19-a çenli 2446 saýlaw uçastogynda, şol sanda daşary ýurtlardaky türkmen ilçihanalarynda açylan 33 saýlaw uçastogynda parlament deputatlygy üçin dalaş edýän kandidatlara ses berler. Saýlawlarda 283 kandidat bäsleşýär we olardan 125 deputat saýlanmaly.

Türkmenistanda saýlawlary we sala salyşlyklary geçirmek baradaky Merkezi komissiýanyň türkmen mediasyna beren maglumatyna görä, saýlaw kampaniýalary ýurtdaky Saýlaw kodeksiniň düzgünlerine we halkara ölçeglerine laýyklykda geçirildi. Ýurduň saýlaw uçastoklarynyň ählisinde saýlawa bir gün galanda ýokary derejedäki taýýarlyk yglan edildi.

Türkmenistan parlament saýlawlaryna GDA ýurtlarynyň gözegçilerini, ÝHHG-nyň Adam hukuklary we demokratiýa guramasynyň, şeýle-de bu guramanyň Parlament Assambleýasynyň delegasiýasyny çagyrdy.
XS
SM
MD
LG