Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen kuştçüleri Al-Aýnada bäsleşýär


Birleşen Arap emirlikleriniň Al-Aýna şäherinde 18 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda geçirilýän küşt ýaryşynda türkmenistanly küştçüleriň netijeli oýnaýandygy habar berilýär.

Aşgabatdaky habarçymyz Myrat Gurbanowyň maglumatyna görä, Türkmenistandan bu ýaryşa 9 sany küştçi gatnaşýar.

Ýaryşyň üçünji turundan soň, türkmen küştçülerinden 10 ýaşa çenli toparda oýnaýan Azat Nurmämmedow bilen 14 ýaşa çenli toparda oýnaýan Saparmyrat Atabaýew üç utuk gazanyp, öz toparlarynda ilkinji orunlara çykdylar.

Beýleki türkmen küştçüleriniň hem şu wagta çenli görkezen netijeleriniň pes däldigi aýdylýar.

Ýaryşyň 8 ýaşa çenli toparynda çykyş edýän Bägül Ezizowanyň üç oýundan soň 2,5 utugy bar.

10 ýaşa çenli toparda oýnaýan Muhammet Ezizow, 16 ýaşa çenli toparda çykyş edýän Rüstem Nazarow we 18 ýaşa çenli toparda oýnaýan Gözel Atabaýewa dagy üç oýundan ikisinde ýeňiji boldular.

12 ýaşa çenli toparda oýnaýan Annagözel Mekanowa 1,5, 8 ýaşa çenli toparda çykyş edýän Emin Kuliýewiň bolsa entäk bu ýaryşda 1 oçkosy bar.

Al-Aýna şäherinde ýetginjekleriň arasynda küşt boýunça dünýä çempionatyna 126 ýurtdan 1819 ýaş küştçi gatnaşýar. Çempionat 28-nji dekabrda tamamlanar.
XS
SM
MD
LG