Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Apple” iPhone-y Hytaýda ornaşdyrmakçy


Düýbi Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda ýerleşýän hususy tehnologiýa kompaniýasy “Apple” özüniň iPhone mobil enjamlaryny Hytaýda ornaşdyryp başlaýar.

Ýekşenbe güni “Apple” kompaniýasy Hytaýyň döwlet eýeçiligindäki “China Mobile” kärhanasy bilen köpýyllyk şertnama baglaşandygyny mälim etdi.

Şeýle-de, “Apple” kompaniýasy özüniň “iPhone” mobil telefonlarynyň 2014-nji ýylyň 17-nji ýanwaryndan başlap Hytaýyň dürli künjegindäki bazarlarda satuwa çykmagyna garaşylýandygyny aýtdy.

Ylalaşygyň maliýe şertleri barada maglumat berilmedi. Ylalaşygyň netijesinde hytaý bazarlarynda “iPhone” mobil telefonlary “Lenovo”, “ZTE” we “Huawei” ýaly ýurduň smartfon ödüriji kompaniýalary bilen bäsleşer.
XS
SM
MD
LG