Sepleriň elýeterliligi

Tehnologiýa: Görünmeýän tigir sopbajy


Howpsuzlyk ýassygy tehnologiýasy esasynda döredilen “Hövding” sopbaçlary, Şwesiýa.

Howpsuzlyk ýassygy tehnologiýasy esasynda döredilen “Hövding” sopbaçlary, Şwesiýa.

Tigir sürüjileriň ýörite şlemleri, ýagny sopbaçlary kelläni dürli hadysalardan goramak üçin niýetlenýär we howpsuzlyk maksady bilen ulanylýar. Bu enjam hiç haçan bezeg maksadyny göz öňünde tutmandy. Emma birnäçe başarjaň student howpsuzlyk ýassygynyň tehnologiýasyny ulanyp, göze görünmeýän tigir sopbajyny döretdi.

Iki sany oýlap tapyjy, howpsuzlyk maksatlaryny elden bermezden, tigir süreniňde geýilýän sopbaçlary özgertmegiň we olary göze görünmez ýaly etmegiň ugruna çykdylar.

Swesiýaly iki studentiň kelleçanagy goramak üçin hödürleýän önümi “howpsuzlyk ýassygynyň” ýasalyş tehnologiýasyna esaslanýar.

Bu ideýa 2005-nji ýylda senagat dizaýny ugrundan bilim alýan iki student – Tereze Alstin we Anna Haupt master derejesini goramak üçin bilelikde iş alyp baran döwründe döräpdir.

Alstiniň aýtmagyna görä, tigirçiler üçin niýetlenen “Hövding” atly howpsuzlyk ýassygy adaty sopbaçlara mahsus ähli problemalary çözüp bilýär: “Bazary öwrenip, geçirilen barlaglaryň netijelerine görä, adamlar tigir sopbajynyň has kiçi göwrümli bolmagyny we hiç kimiň öz şahsy stiline, görküne zyýan ýetirmezligini isleýärler. Emma bu ýerde praktiki bir sebäp hem bar, adamlar öz ýanynda götermek üçin has ýeňil bir zadyň bolmagyny hem isleýärler”.

Täze önüm näme?

“Hövding” önümi aslynda boýnuňa dakylýan ýaka meňzeş bir zat. Onuň içinde adamyň bedeniniň adaty bolmadyk hereketini saýgarýan elektron gural bar.

Haýsydyr bir hadysanyň ýüze çykmak howpy dörän halatynda “howpsuzlyk ýassygy” bir sekunddan hem az wagtda tigirçiniň kellesiniň daşyna oralýar we ony hadysada ýetip biljek şikeslerden goraýar.

Bu guralyň içindäki “gara gapyrjak” tigirçiniň hereketlerini ýazgy edýär, bu bolsa soňra bolan wakany analiz etmäge mümkinçilik berýär.

Batareýa bilen işleýän bu enjam tigirçileri birbada ençeme zarbalardan gorap bilýär, emma ol bir gezek işledilenden soň, ony ikinji sapar ulanyp bolmaýar.

Alstin “howpsuzlyk ýassygy” tehnologiýasynyň tigirçiniň kellesini adaty sopbaçlardan has gowy goraýandygyny aýdýar: “Howpsuzlyk ýassygy tehnologiýasy bilen biz tigir sopbaçlaryna gezek gelende, täze howpsuzlyk standartyny döredip bildik. Biz adaty sopbaçlara garanda zarbalara 3-4 esse artyk çydamlylygy gazanmagy başardyk”.

Nyrhy we ulanylyş aýratynlygy

“Hövding” sopbaçlary 2011-nji ýylda Şwesiýada satuwa çykarylaly bäri olaryň müňlerçesi satylypdyr. Olary Malmö şäherinde ýerleşýän kompaniýanyň websaýtynda, şeýle-de Demirgazyk Ýewropanyň, Şwesiýanyň we Türkiýäniň 250 çemesi ownuk söwda dükanlarynda satyn alyp bolýar.

Sopbaçlaryň dürli görnüşleri bar, olaryň ortaça bahasy 399 ýewro. Bu adaty sopbaçlaryň ortaça bahasyndan has gymmat. Hyrydarlar satyn alýan “Hövding” sopbaçlarynyň görnüşiniň üýtgedilmegini hem sorap bilýärler, bu bolsa goşmaça 59 ýewro durýar.

Alstin öz kompaniýasynyň täze tehnologiýany ýene-de özleşdirmegi göz öňünde tutýandygyny aýdýar: “Biziň önümimiziň köpçülige hödürlenmeginden bäri adamlar biz bilen yzygiderli habarlaşýarlar we dürli teklipleri hem öz isleglerini habar berýärler. Gozgalýan meseleleriň biri-de epilepsiýa, ýagny garaguş keseli bilen bagly. Garaguş keselinden ejir çekýän adamlar biziň önümimizi satyn alyp ulanandyklaryny we onuň özleri üçin amatlydygyny aýdýarlar. Emma biziň bu önümimiz tigir sürýänler üçin niýetlenýär. Geljekde biz öz önümlerimiziň ulanyş ugurlaryny giňeltmegi arzuw edýäris, olaryň sportuň typmak bilen bagly görnüşlerinden başlap, garaguş keseli ýaly keselliler bilen bagly medisina maksatlary üçin ulanylmagyny-da gazanmak isleýäris”.

Iýul aýynda ABŞ-nyň Garaguş keseli fondy “Hövding” kompaniýasyna garaguş kesellilerine delalaty degjek bu açyş üçin sylag berdi we bu keselden ejir çekýän adamlara niýetlenen howpsuzlyk guralyny döretmek üçin 25 müň amerikan dollaryna barabar pul baýragyny gowşurdy.
XS
SM
MD
LG