Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrainada žurnalist ýenjildi


Ukrainaly oppozision aktiwist we žurnalist nämälim hüjümçi tarapyndan urlup, ýenjildi. Tatýana Çornowil ýokary derejeli resmileriň arasyndaky korrupsiýany derňemekde tanalýardy.

Çarşenbe güni 34 ýaşyndaky Çornowil ýokary derejeli hökümet resmileriň emläkleri barada makala ýazyp, çap edenden birnäçe sagat soň, oňa Kiýewiň golaýynda hüjüm edildi.

Bu aralykda çarşenbe güni giçlik ýüzlerçe protestçi Içeri işler ministrliginiň daşynda ýygnanyşyp, ministriň işden çekilmegine çagyryş etdi.

Prezident Wiktor Ýanukowiç Çornowiliň ýenjilmegine jogapkäri tapmak üçin polisiýa görkezme berdi, diýip onuň edarasy mälim etdi.
XS
SM
MD
LG