Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pýatigorskda partlama boldy


Orsýetiň Pýatigorsk şäherinde bolan bomba partlamasynda azyndan üç adamyň wepat bolandygy barada habar berildi. Bolma polisiýa bölüminiň golaýynda awto ulagda goýulypdyr.

Içeri işler ministrliginiň ýerli bölüminiň aýtmagyna görä, partlamanyň netijesinde polisiýanyň we golaýdaky dükanlaryň aýnalary ýarylypdyr. Ministrlik heläk bolan üç adamyň içi bombaly ulagyň golaýyndan geçip barýan adaty raýatlar bolandygyny habar berdi.

Pýatigorsk Orsýetiň Kawkaz regionynyň golaýynda ýerleşýär. Bu regionda yslamçy söweşijiler we jenaýatçy toparlar bilen bagly zorluklar ençeme ýyl bäri dowam edip gelýär.
XS
SM
MD
LG