Sepleriň elýeterliligi

“Akademik Şokalskiý” kömege garaşýar


Orsýetiň barlag gämisiniň ýolagçylary we komandasy Awstraliýanyň buzlugy döwüji gämisiniň kömege ýetişmegine garaşýar.

“Akademik Şokalskiý” adyndaky orsýet gämisi sişenbeden bäri Antarktikadaky buzluklarda gabawda galýar. Ony buzdan çykarmak boýunça amala aşyrylan öňki iki sany synanyşyk başa barmandy.

Gäminiň üstündäki 74 sany ýolagçynyň arasynda alymlar we syýahatçylar bar. Olaryň köpüsi Awstraliýanyň raýatlary. Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň maglumatyna görä, gäminiň komandasynyň agzalarynyň sany 22 adam.

Orsýetiň gämisi mundan bir asyr öň awstraliýaly açyş ediji Douglas Mawsonyň ekspedisiýasynyň geçen ýolundan geçmekçi boldy.
XS
SM
MD
LG