Sepleriň elýeterliligi

Bişkek: Aýwazowskiýniň eseri ýitdi


XIX asyryň iň tanymal hudožniklerinden biri bolan Iwan Aýwazowskiýniň eserleriniň biri Gyrgyzystanyň Sungat muzeýinden ýitirim boldy.

Bişkek şäher polisiýasynyň aýtmagyna görä, “Krymda deňziň kenaryndaky peýzaž” atly eseriň ýitirim bolandygy baradaky habar penşenbe güni agşam muzeýiň işgärleri tarapyndan gurnalan möwsümlik şagalaňdan bir gün soň gelip gowşupdyr.

Gürrüňi edilýän muzeýiň direktory Ýuristanbek Şygaýew Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda agzalýan eseriň bahasynyň näbellidigini aýtdy.

Bu eser 1955-nji ýyldan bäri Bişkegiň muzeýinde saklanylýardy.
XS
SM
MD
LG