Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Müsür: Çaknyşyklarda iki adam öldi


Müsürde yslamçylaryň tarapdary protestçileriň we polisiýanyň arasynda bolan çaknyşyklarda azyndan iki adam öldi. Ýurduň Içeri işler ministrliginiň berýän maglumatyna görä, ýowuzlyklar çarşenbe güni kenarýaka Aleksandriýa şäherinde ýüze çykypdyr.

Müsürde ýurduň harbylary demokratik ýol bilen saýlanan Muhammad Morsini häkimiýet başyndan çetleşdireli bäri ýowuz protestleriň ençeme tapgyry bolup geçdi. Şondan bäri ýüzlerçe adam öldürildi we müňlerçesi hem tussag edildi.

Çarşenbe güni Morsini goldaýan ýüzlerçe protestçi Kairde Goranmak ministrliginiň golaýynda geçiren demonstrasiýasynda yoly ýapyp, polisiýa we harbylara garşy şygarlar gygyrandan soň, polisiýa olara garşy göz ýaşardyjy gazyny we suw toplaryny ulandy.

Duşenbe güni Amerikanyň Birleşen Ştatlary Müsüriň “Musulman doganlygyny” terrorist gurama diýip yglan etmeginden alada galýandygyny beýan edipdi.
XS
SM
MD
LG