Sepleriň elýeterliligi

Ysraýyl: Şeronyň saglyk ýagdaýy agyr


Ysraýylly doktorlar ýurduň öňki premýer-ministri Ariel Şeronyň saglyk ýagdaýynyň agyrdygyny we janynyň howp astyndadygyny aýtdylar.

Tel Awiw şäheriniň golaýyndaky keselhananyň direktory Zeýew Rotşteýn 85 ýaşyndaky Şeronyň “esasy organlarynyň käbirleriniň” işleýşiniň pese gaçandygyny aýtdy. Ýöne ol jikme-jik maglumat bermedi.

Ysraýylyň habar beriş serişdeleriniň maglumatynda Şeronyň böwrek ýetmezçiliginiň bardygy aýdylýar.

Şeronyň uzak dowam eden we dawaly karýerasy bolup, ol 2001-2006-njy ýyllar aralygynda premýer-ministr wezipesinde işläpdi.
XS
SM
MD
LG