Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaýda metamfetamin ele salyndy


Hytaýyň polisiýasy geçiren bir operasiýasynyň netijesinde metamfetamin neşeli serişdesiniň üç tonnasyny ele saldy. Bu serişde ýurduň günortasynda ýerleşýän Guangdong welaýatynda 29-njy dekabrda başlanan barlaglaryň netijesinde ele salynypdyr.

Hytaýyň Ksinhua habar agentligi polisiýanyň we harbylaşdyrylan güýçleriň geçiren operasiýasynda dikuçarlaryň we katerleriň ulanylandygy we oňa üç müňe golaý polisiýa ofiseriniň gatnaşandygy barada habar berdi. Operasiýanyň netijesinde 200 çemesi adam ele salynypdyr.

BMG-niň Neşe we jenaýatçylyk boýunça gullugynyň geçen ýylda çap eden hasabatyna görä, metamfetamin Hytaýda iň köp ulanylýan neşe serişdeleriniň arasynda geroinden soň ikinji ýerde durýar.

Şeýle-de BMG-na görä, Hytaýda ele salynan neşe serişdeleriniň möçberi 2012-nji ýylda 13% artyp 14 tonnadan 16 tonna ýetipdir.
XS
SM
MD
LG