Sepleriň elýeterliligi

Türk-türkmen baglanyşyklary


Türkmenistanyň we Türkiýäniň baýdaklary

Türkmenistanyň we Türkiýäniň baýdaklary

Golaýda gadymy Merwde Wizantiýanyň goşunlaryny Malazgirt meýdanynda ýeňip, kiçi Aziýanyň gapysyny türkmenlere açan Soltan Alp Arslanyň guburynyň tapylandygy we şol ýerde ullakan ýadygärligiň guruljakdygy habar berildi.

Bu wakadan soň köpçüligiň, hususan-da ýaşlaryň arasynda "türkler bilen türkmenleriň näme arabaglanyşygy bar, ol baglanyşyklar näderejede möhüm we geçmişde bolan zatlar, etniki toparlaryň migrasiýasy we başga halklar we halkyýetler bilen garylyp-gatylmagy şu günki gatnaşyklara nähili täsir ýetirýär?" diýen ýaly ençeme sowal döredi.

Dogrudanam, Türkiýede ýaşaýan türkler bilen özlerini türkmen diýip bilýän adamlaryň arasynda nähili baglanyşyklar bar we ol baglanyşyklar nämelere esaslanýar? Bu baglanyşyklar şu günki günde nähili ösdürilýär we olardan nähili peýda bar? Ýa-da bu gatnaşyklarda, olaryň öwrenilişinde şu günki gün nähili çiglikler, bärden gaýtmalar bolup biler?

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG