Sepleriň elýeterliligi

Eýran özüne şert goýulmagyna garşy


Eýran indiki hepdede Siriýa boýunça boljak parahatçylyk ugrundaky halkara konferensiýasyna özüniň gatnaşmagyna şert goýulan ýagdaýynda bu çärä gatnaşmakdan ýüz öwürýändigini aýtdy.

Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif bu çykyşyny penşenbe güni Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen Moskwada geçiren duşuşygynyň yzýany etdi.

Lawrow BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-Moony 22-nji ýanwarda Ženewada geçiriljek konferensiýa Eýrany we Saud Arabystanyny çagyrmaga ündedi. Onuň sözlerine görä, regionyň täsirli ýurtlarynyň konferensiýa çagyrylmagy Siriýada üç ýyla golaý wagt bäri dowam edýän konflikti çözmek üçin syýasy çykalga tapmaga ýardam berip biler.

ABŞ Tähranyň konferensiýa gatnaşmagy üçin onuň Siriýanyň geçiş hökümetiniň prezident Başar Al-Assady we onuň ýakyn ýaranlaryny öz içine almazlygy barada gelnen ozalky ylalaşyk bilen ylalaşmalydygyny aýdýar.

Moskwada Zarif Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin bilen hem duşuşdy. Sergeý Lawrow bolsa Siriýanyň daşary işler ministri Walid Muallem bilen aýratyn gepleşik geçirdi.
XS
SM
MD
LG