Sepleriň elýeterliligi

“Pussy Riot” Nýu-Ýorkda konsert berer


Adam hukuklaryny goraýan “Amnesty International” guramasy Russiýanyň “Pussy Riot” toparynyň agzalarynyň öňümizdäki aýda Nýu-Ýorka gitmegi planlaşdyrýandygyny habar berýär. Maglumatda gürrüňi edilýän toparyň Nýu-Ýork şäherinde adam hukuklaryny goramaga bagyşlanan konserti berjekdigi mälim edilýär.
“Amnesty International” guramasynyň maglumatyna görä, Nadežda Tolokonnikowa we Mariýa Alýohina Russiýanyň dolandyryjylary tarapyndan amala aşyrylýan hukuk bozulmalara garşy alyp barýan kampaniýalarynyň bir bölegi hökmünde 5-nji fewralda geçiriljek konsertde çykyş ederler.
Tolokonnikowa we Alýohina 2012-nji ýylyň fewral aýynda Moskwanyň ybadathanasynda dawaly protestleri geçirenden soň, "huligançylykda" günälenip, 21 aý Russiýanyň türmelerinde tussaglykda saklanylypdylar.
XS
SM
MD
LG