Sepleriň elýeterliligi

Ukrainada protestler ýaýbaňlanýar


Ukrainada oppozisiýanyň we prezident Wiktor Ýanukowiçiň arasynda bolan gepleşikler netije bermänsoň hökümete garşy çykyş edýän protestçiler Kiýewdäki protest lagerini ýaýbaňlandyrýarlar.

Protestçiler Garaşsyzlyk meýdançasynyň daşynda täze barrikada böwetleri döretdiler we Oba hojalyk ministrligini eýelediler. Penşenbe güni oppozisiýanyň liderleri prezident Ýanukowiç bilen dört sagadyň dowamynda gepleşdiler. Emma protestçiler Ýanukowiçiň öňe süren eglişiklerinden ýüz öwürdiler.

Ukrainanyň günbatar regionynyň ençeme şäherlerinde protestçiler regional administrasiýalarynyň edara jaýlaryny eýelediler. Anna güni Içeri işler ministrligi çarşenbe güni wepat bolan iki protestçiniň ok ýaralaryndan heläk bolandygyny tassyklady, emma jogapkärçilikden boýun gaçyrdy.

Ýewropa Bileleşiginiň ýaýbaňlanmak boýunça komissary Stefan Fuele Ukrainadaky syýasy dialoga ýardam bermek üçin anna güni Kiýewe bardy.
XS
SM
MD
LG