Sepleriň elýeterliligi

Sinjiaňdaky partlamalarda 3 adam öldi


Hytaýyň demirgazyk-günbataryndaky Sinjiaň Uýgur awtonom regionynda bolan partlamalarda üç adam ölüp, ikisi ýaralandy.

Media ýerli resmilere salgylanyp, partlamalaryň anna güni öýlänler, Aksu oblastynyň Sinhe etrabynda bolandygyny aýdýar. Ilkinji iki partlama ýerli dellekhanada we gök bazarynda bolup, bir adamy öldürip, ikisini ýaralady.

Partlamadan az salym soň güman edilýän üç adam tussag edildi. Biraz soň bolsa, daşy polisiýa tarapyndan gabalan şübheli maşyn partlap, içindäki iki adamy öldürdi.

Geçen hepde Sinjiaňyň häkimiýetleri «terrorizme» garşy göreşi güýçlendirmek üçin gooýberilýän serişdäni iki esse köpeltjeklerini aýtdylar.

Geçen ýyl hökümete garşy ozal kän adat bolmadyk ganly hüjümler edilipdi.

Resmiler bu hüjümleriň radikal yslamdan ruhlanan uýgur separatistleriniň işidigini aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG