Sepleriň elýeterliligi

Eziz: "Türkmen telewideniýesiniň hili gaty pes"


Türkmenistanyň döwlet telekanallary

Türkmenistanyň döwlet telekanallary

Prezident Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda 10-njy ýanwarda geçirilen hökümet ýygnagynda, beýleki dürli meseleler bilen bir hatarda, türkmen telewideniýesiniň işi hakda hem ýene bir gezek gürrüň edildi.
Ýygnakda prezident soňky ençeme aýyň dowamynda gaýtalan tankydyny, pikirini ýene bir gezek gaýtalap telekanallaryň gepleşikleriniň hiline nägilelik bildirdi. Gürrüň esasanam “Ýaşlyk” telekanaly hakda bolup, prezident bu telekanalyň ýolbaşçysyny wezipesinden boşatdy.
Ýaşlar, bu Türkmenistanyň telekanallary barada birinji gezek edilýän tankyt däl. Esasanam "Ýaşlyk" telekanalyny göz öňünde tutup aýtsak, siz bu telekanalyň gepleşikleriniň hiline nähili baha berýärsiňiz? Telekanalyň ýolbaşçylary öz gepleşikleriniň hilini nähili ýokarlandyryp biler?
Bu soraglara daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmen ýaşlary – Azat, Merjen we Eziz jogap berdi. Söhbetdeşligi diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG